SPORT

Türkmenistanly türgene halkara baýrak

Türkmenistanly türgen gyz Dinara Hallyýewa Milli sport oýunlarynyň 4-nji maslahatynda ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu barada Türkiýäniň «Anadolu Ajans» habarlar agentligi ýazýar.

Maslahatyň çäklerinde  «Milli sport baýraklary» atly baýraklaryň toplumy hem gowşuryldy.

Trabzon şäherindäki «Radisson Blu» myhmanhanasynda Bütindünýä milli sport oýunlary konfederasiýasy tarapyndan geçirilen maslahatyň çäginde konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Nejmeddin Bilal Erdogan 6 ugur boýunça baýraga mynasyp bolanlary sylaglady. Olaryň arasynda türkmenistanly pälwan gyz hem bar.

Biziň ildeşimizden başga-da, Ezzdin Bouzid akademiýa, mongoliýaly Şawiraý Sogzu tejribeli türgen baýraklaryna mynasyp boldy.

Şeýle hem milli oýunlar boýunça ýaryşlary geçirmekdäki göreldesi üçin «Türk Telekom» Meksikanyň Milli sport oýunlary federasiýasyny ýörite baýrak bilen sylaglady.

Kataryň sport ministri Salah bin Ganem al-Ali bolsa başarjaň ýolbaşçy üçin niýetlenen baýraga mynasyp boldy.

 

Merkezi Aziýa-Hytaý daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

 

Related posts

Türkmenistan «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşyna gatnaşar

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri