SPORT

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 1/8 final tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Kristiano Ronaldo duşuşygy “VIP” zaldan tomaşa etdi.

jogap duşuşygy 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. “Al-Nasr” toparynyň düzüminde oýnuň 2-nji minutynda Abdurahman Garreb tapawutlandy.

Oýun çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylary hem meýdançada ýokary taýýarlyklaryny we ussatlyklaryny görkezmäge çalyşdylar.

Şunlukda, «Arkadag» bilen «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçirilen 2 duşuşykda hem saud topary ýeňiş gazanyp indiki tapgyra çykdy.

“”Arkadag” topary döredileninden bäri geçen gysga wagtyň içinde şeýle abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, güýçli garşydaşlaryna garşy mynasyp oýun görkezmegi ýurdumyzda futbolyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

 

Related posts

Honda 5 aýry yklymda tapawutlanan futbolçy

Ata Watan Eserleri

Ýewro-2020: Niderlandlar we Belgiýa indiki tapgyra çykdy

Ata Watan Eserleri

Mane – Afrikanyň iň gowy futbolçysy

Ata Watan Eserleri