SPORT

Buffon özüne täze topar tapdy

«Ýuwentusyň» italiýaly derwezeçisi Janluiji Buffon özüne täze topar tapyndy. Bu barada «Goal» habar berýär.

43 ýaşly derwezeçiniň futbol bilen hoşlaşmak ähtimallygy baradaky habarlara garamazdan, onuň özi heniz bu pikirde däl. Ol heniz futbol oýnamakçy we karýerasyny Parma şäheriniň adybir toparynda dowam etdirmekçi. Buffon mundan ozal «Parmanyň» derwezesini 1995 ― 2001-nji ýyllar aralygynda gorapdy.

Tejribeli derwezeçiniň «Ýuwentus» bilen şertnamasy 1-nji iýulda tamamlanýar. Ol geçen aýda topardan gitjekdigini anyk aýdypdy. Buffon Turin şäheriniň meşhur toparynyň düzüminde iň soňky duşuşygyna 12-nji maý güni «Sassulonyň» garşysyna geçirilen oýunda çykdy.

Italiýanyň 10 gezek çempiony bolan derwezeçi milli ýygyndy bilen bir gezek dünýä çempiony hem boldy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/uzyn-kirpikler-oz-rekordyny-ozi-tazeledi/

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar