SPORT

55 ýyldan soňra gazanylan ýeňiş

Angliýanyň “Premýer Liga” futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynda  55 ýyldan soňra gazanylan ýeňiş hasaba alyndy. Çempionatyň ilkinji 3 tapgyrynda ýeňiş gazanan “Liwerpul” topary 4-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Nottingem Forest” toparyndan 1:0 hasabynda utuldy.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny 72-nji minutda Kallum Hudson-Odoýe geçirdi. Şeýlelikde, duşuşykda başga gol hasba alynmady we “Nottingem Forest” topary 8 utuk gazandy.

Çempionatyň şu möwsümde bir gezek ýeňlen we bir sany gol geçiren “Liwerpul” topary 9 utukda galdy.

“Nottingem Forest” toparynyň bu gazanan ýeňşi 55 ýyldan soňra “Anfield” stadionynda gazanylan üstünlik hökmünde hasaba alyndy.

“Nottingem Forest” topary soňky gezek “Liwerpul” toparyny 55 ýyl mundan ozal, “Anfield” stadionynda 2:0 hasabynda utupdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy