SPORT

UEFA-nyň Çempionlar ligasy: Ronaldo toparyny halas etdi

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynyň 3-nji tapgyrynyň çäklerinde “E”, “F”, “G” we “H” toparçalarynda duşuşyklar geçirildi.

RONALDO ÝENE-DE HALAS ETDI

Geçen hepde Angliýanyň milli çempionatynda “Lester” toparyndan ýeňlen Kristiano Ronaldoly “Mançester Ýunaýted” bu gezek h-njy ýyldaky Çempionlar em tas Italiýanyň “Atalanta” toparyndan ýeňlipdi. “Atalanta” topary 156-nji minutda Maris Paşaliç hem-de 29-njy minutda Meril Demiral bilen 2:0 hasabynda öňe saýlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda tijenen “Mançester Ýunaýted” 53-nji minutda Markus Reşford, 75-nji minutda Garri Maguaýr bilen hasaby deňledi. 81-nji minutda bolsa, Kristiano Ronaldo geçiren goly bilen toparyna ýeňiş getirdi.

“ÇELSI” BILEN “BAWARIÝA” ULY HASAP BILEN ÝEŇIŞ GAZANDY

Geçen ýylyň Çempionlar Ligasynyň ýenijisi “Çelsi” topary “Malmo” toparyny 4:0 hasabynda, Germaniýanyň ägirdi “Bawariýa” bolsa “Benfika” toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi.

ÇEMPIONLAR LIGASYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI

“E” TOPARÇA

“Barselona” – “Dinamo Kiýew”            1:0

“Benfika” – “Bawariýa”                        0:4

“F” TOPARÇA

“Ýang Boýz” – “Wilýareal”                     1:4

“Mançester Ýunaýted” – “Atalanta”      3:2

“G” TOPARÇA

“Zalsburg” – “Wolsburg”                      3:1

“Lill” – “Sewilýa”                                   0:0

“H” TOPARÇA

“Çelsi” – “Malmo”                                 4:0

“Zenit” – “Ýuwentus”                           0:1

 

 

Dünýäde Ilkinji filmiň döremegi

Related posts

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Futbol taryhynyñ iñ gowy derwezebany kim?