SPORT

Messi täze toparynda näçe gazanar?

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda her ýyl 50-60 million dollar aralygynda girdeji gazanar. Bu barada toparyň esaslandyryjysy Horhe Mas belläp geçdi.

– Şertnama boýunça Leo ýylda 50-60 million dollar aralygynda hak alar – diýip, Mas belledi. Men Messini öz toparymyza çagyrmak üçin 3 ýylymy sarp etdim. Ýarym ýyl örän çekeleşikli boldy. Futbolçynyň kakasy horhe bilen köp sanly gepleşikler geçirildi, diýip, toparyň ýolbaşçysy belläp geçdi.

Messi bu topara geçýändigini 7-nji iýunda mälim etdi. Dünýäniň iň güýçli futbolçysynyň soňky çykyş eden topary Fransiýanyň “PSŽ” topary boldy. Ol bu topardan şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soňra gaýtdy. Ol 2021-nji ýylda fransuz toparyna geçip, dürli ýaryşlarda 74 duşuşykda çykyş edip, 32 gezek tapawutlandy. Messi 2 gezek Fransiýanyň çempiony boldy.

36 ýaşyndaky Messi 2003-2021-nji ýyllar aralygynda “Barselona” toparynyň düzüminde oýnap, 10 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Messi 7 gezek ýylyň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan  “Altyn pökgi” baýragyny gazandy.

Related posts

Kosowaly türgeniň ilkinji Olimpiadasy

Ata Watan Eserleri

Kriştiano Ronaldodan ýene bir rekord

Pol Pogba dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmeýär

Leave a Comment