SPORT

Türkmenistandaky futbol ýaryşlary soňa süýşürildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýakyn günlerde meýilleşdirilýän ähli resmi duşuşyklary näbelli möhletde soňa süýşürdi. Has takygy, şu aýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji aýlawynyň we Kubok ýaryşynyň başlanmagyna hem-de Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň geçirilmegine garaşylýardy.

Federsiýa resmi saýtynda duşuşyklaryň täze seneleri barada gysga wagtda habar beriljekdigini ýazdy.

Iki aýlawy yzda galan Türkmenistanyň çempionatynda 14 duşuşykda 33 utuk toplan «Altyn asyr» birinji orunda barýar. Dört aýlawdan ybarat ýaryşyň ýeňijisi 2021-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Milli futbol çempionatymyzda 8 toparyň ýaryşýandygyny ýatladýarys.

Şu ýyl Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa hem şol 8 topar gatnaşar. Kubogy eýelän topar indiki ýyl AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda bolsa ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony hem-de Kubogyň eýesi «Altyn asyr» bilen futbol çempionaty ikinji hatarda tamamlan «Ahal» toparlary duşuşarlar.

Ýene-de okaň

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi

Dünýä çempionaty: Germaniýa Kýurasaony 7:1 hasabynda utdy