JEMGYÝET

Dünýädäki iň garry panda 38 ýaşady

Hytaýda dünýäniň iň garry pandasy üçin reňkli doglan gün toýy geçirildi. Dürli miwe we gök önümler bilen naharlanan dünýäniň iň garry pandasy 38 ýaşady.

Panda haýwanat dünýäsinde täsin jandarlaryň biri hasaplanýar. Geliň pandalar barada käbir maglumatlar bilen gysgaça tanyş bolalyň.

Adatça pandanyň agramy 45 kilogramdan ýokary bolup, onuň boýy 1.5 metre barabardyr. Olar gündelik 12 kilograma çenli bambuk agaçy bilen iýmitlenýärler. Täsin jandar güniň 12 sagadyny iýmek üçin sarp edýär. Haýwanat dünýäsinde bu jandarlar ýaltalygy we iýermenligi bilen tapawutlanýar. Pandalara muşdak adamlaryň sany barha artýar. Çünki olaryň tüýi ýumşak tämiz hem-de hasiýeti taýdan hem ýuwaşlygy bilen adamalary özüne çekýär.

Gynansagam, bu owadan aýylar howp astyna düşýär we tebigatda diňe 1000 töweregi galandygy çak edilýär. Şol sebäpli olary goramak üçin elimizden gelenini etmeli!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Tebigat-ene” atly halkara çäräni geçirer

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy