BIZNES

Şu ýyl nebitli guýularyň 37-si gazyldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri häzirki wagtda günbatar sebitiň çäklerindäki nebit-gazly ýataklarda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ulanyş maksatly guýularyň jemi 37-siniň gazuw işleri üstünlikli tamamladylar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, şunda «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri has-da göreldeli işleri bitirdiler. Olar gürrüňi edilýän döwürde täze guýularyň 16-syny ulanyşa tabşyryp, bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Müdirlik boýunça ýylyň başyndan bäri gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 34 müň 679 metre ýetirildi.

Munuň özi bu ugurda bellenilen meýilnamadan goşmaça geçilen çuňlugyň 3 müň 378 metre barabar bolandygyny aňladýar. Geçen hasabat döwründe konserniň «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirliklerinde bellenilen meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilendigini hem aýratyn nygtamak gerek.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi