JEMGYÝET

Sara B. Rojersiň “Atavatan Media” toparynyň beren sowalyna jogaby

“Atavatan Media” tarapyndan ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygynyň geljegi barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara B. Rojerse sorag ugradyldy.

Soragymyz we resmi jogap 2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen sanly metbugat brifinginiň dowamynda ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda çap edildi.

Sara B. Rojers öz çykyşynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda täze bilim maksatnamalary, alyş-çalyş taslamalary we uniwersitet hyzmatdaşlyklary üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanda MBA maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilen hyzmatdaşlygyň üstünde işlenýändigini mälim etdi.

“Atavatan Media” tarapyndan berlen sorag:

“ABŞ hökümeti Türkmenistan bilen täze bilim maksatnamalary, talyp haklary, alyş-çalyş başlangyçlary ýa-da uniwersitet hyzmatdaşlyklary arkaly bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiliklerini görýärmi?”

Jogabyň doly görnüşini aşakdaky baglanyşykdan okap bilersiňiz:

https://lnkd.in/dyswEp6Y

Related posts

<>bilen <> önümçilikde birleşýär

vepa

Türkmen halky 4 günläp Gurban baýramyny bellär

Hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar

Ata Watan Eserleri