JEMGYÝET

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Şu gün ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistan, Özbegistan, Nepal we Hindistan döwletlerine amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça onlaýn görnüşde metbugat brifingini geçirdi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşyp, sowal bilen ýüzlendi.

“Ata Watan Media” topary  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bilim almaga gyzyklanýan Türkmenistanyň ýaşlarynyň sany barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynda täze maksatnamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligi barmy? diýen sowal bilen ýüzlendi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers bu sowala jogap bermek bilen, bilim ulgamyndaky türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Saparyň dowamynda Tükrmenistanyň Bilim ministrliginde duşuşyk geçirendigini, ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanda MBA maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyny aýtdy.

«Bu saparyň dowamynda men häzirki wagtda işlenip taýýarlanýan hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdym: Kent döwlet uniwersiteti türkmen tarapy bilen bilelikde MBA maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär» diýip, ol belledi we munuň iki ýurduň bilim ulgamyndaky mümkin bolan hyzmatdaşlygynyň diňe bir mysalydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Rojers bilim alyş-çalyş maksatnamalarynyň diňe bir ynsanperwer däl, eýsem strategik maksatlara hem hyzmat edip biljekdigini aýratyn nygtady. Ol muňa mysal hökmünde şol bir saparyň çäklerinde Özbegistanda badalga berlen we minerallara bagyşlanan täze Fulbraýt maksatnamasyny görkezdi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle başlangyçlar strategik çig mallaryň üpjünçilik zynjyryny gorap saklamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy