DÜNÝÄ

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Türkmenistanyň – Owganystanyň – Pakistanyň – Hindistanyň (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň daglyk sebitinden geçýän böleginiň gurluşygyny 2026-njy ýylyň dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystandaky ýagdaý boýunça geçirilen mejlisinde mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, 2026-njy ýylyň iýun aýyna çenli ýurduň geçmesi kyn bolan daglyk sebitinde gaz geçirijisiniň takmynan 130 kilometri çekilip, şolardan 40 kilometre golaý bölegi eýýäm ulanmaga berildi.

Şeýle hem Hajyýew Akina şäherinden Andhoýa çenli demir ýolunyň Şybergan ugruna uzaldylmagy boýunça işleriň dowam etdirilýändigini, Turgundy şäherindäki demir ýol terminalynyň gurluşygynyň bolsa şu ýylyň dekabr aýynda tamamlanmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Diplomat Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryny Owganystany durnuklaşdyrmagyň esasy gurallarynyň biri hökmünde görýändigini nygtady.

«Yzygiderli ykdysady ösüş, täze iş orunlarynyň döredilmegi, energetika we ulag ulgamyna elýeterliligiň üpjün edilmegi Owganystanda berk parahatçylygyň we durnuklylygyň esasy şertleridir» diýip, ol belledi.

Türkmenistanyň wekili halkara jemgyýetçiligini owgan meselesiniň çözgüdine gönükdirilen amaly we netijeli çemeleşmelere ünsi jemlemäge çagyrdy.

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy