Şu gün Azerbayjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygy bellenilýär. Bu barada Azerbayjan Respublikasynyň ilçihanasy habar berýär.
Habar berlişine görä, 1992-nji ýylyň iýun aýynyň 9-yna Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. 2022-nji ýyl iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Ilçihanasy 2002-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine Türkmenistanda işläp başlady. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy 1999-njy ýylyň iýun aýynyň 8-ine öz işine başlapdy.
2023-nji ýylyň awgust aýynyň 29-yna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň buýrugy bilen Gismat Gozalow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.

2017-nji ýylyň mart aýynyň 11-ine “Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk Jarnamasyna” gol çekildi.
2008-nji ýyldan bäri Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümeti arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara topary iş alyp barýar. Toparyň häzirki wagta çenli 8 mejlisi geçirildi. Nobatdaky mejlisini 2026-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda 108-den gowrak resminama gol çekildi.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýär. iki ýurduň gatnaşmagynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan hem-de Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy döredildi.
Şeýle hem Azerbaýjan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň düzümine goşuldy.
