JEMGYÝETTEHNOLOGIÝA

“Dubai Airshow 2023” halkara sergisi geçirilýär

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Dubai Airshow 2023” atly halkara awia-kosmos sergisi öz işine başlady. 13-17-nji noýabr aralygynda geçirilýän bu sergä dünýäniň köp sanly ýurdundan awia-kosmos pudagynda iş alyp barýan hem-de önüm öndürijileriň 1.4 müňden gowragy gatnaşýar.

Öz ugry boýunça dünýäniň iň iri sergileriniň biri hasaplanýan “Dubai Airshow 2023” sergisi Al-Maktum aerodromynyň çäginde guralýar.

Häzirki wagtda bu sergi 2 ýylda bir gezke geçirilýär. Ol “Tarsus Group” tarapyndan guralyp, onda uçýan dürli görnüşli enjamlar hem-de kosmos gämileri, emeli hemralar we aragatnaşyk tilsimatlary görkezilýär.

Bu sergi öz gözbaşyny 1986-njy ýylda geçirilen “Arab Air” awiasiýa sergisinden alyp gaýdýar. Şondan soňrabu sergä döwrebap at berlip, ony BAE-niň iri raýat awiasiýasynyň desgalarynyň biri bolan Dubaýyň halkara howa menziliniň çäginde geçirilip başladylar.

Sergi her ýyl köp sanly kompaniýalary özünde jemleýär. 2013-nji ýylda bu serginiň çäklerinde şertnamalary baglaşmak boýunça rekord goýuldy. Şonda 206.1 milliard dollar möçberinde şertnamalar baglaşylypdy.

Related posts

“Bentley” kompaniýasy elektrikli ulaglar öndürer

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Ata Watan Eserleri

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler