DÜNÝÄ

Türkmenistanda sebit derejesinde BMG usulyndaky 1-nji Aşgabat maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halakra gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda BMG usulyndaky 1-nji Aşgabat maslahaty (TAMUN) geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi (UNOCT), BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreş gullugy (UNODC), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA), BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy (UNRCO), BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasy (OHCHR) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy bilen bilelikde gurnamagynda geçiriler. Çäre Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan bütindünýä başlangyjyň çäginde gurnaldy.

Dürli ýaşlar guramalary çäräniň gurnalmagyna uly goşant goşdular. Taşkentdäki Westminister halkara uniwersitetiniň ýaş bilermenleri maslahaty gurnamaga ýardam berdiler we maslahata gatnaşyjylary BMG usulyndaky maslahatyň düzgünleri we geçiriliş tertibi bilen tanyşdyrdylar. “Merkezi Aziýada neşe serişdelerinden azat, sagdyn, howpsuz we ygtybarly jemgyýet üçin hereket edýän ýaşlar guramalarynyň we ýaş ýolbaşçylarynyň sebitleýin torunyň” wekilleri hem çärä gatnaşdylar we maslahatyň neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almak bilen bagly meseleler boýunça sessiýasynda çykyş etdiler. Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri we UNRCCA-yň Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň uçurymlary hem çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşdular.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar