2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň «Resminamalaýyn köpdürlüligiň mümkinçiliklerini giňeltmek» atly halkara okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Maslahatyň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň gymmatly resminamalaýyn mirasy netijeli gorap saklamak we ony ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek üçin hödürlemek boýunça hünärmenler we tehniki mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.
Çäräni Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi (ANRI), Koreýanyň we Indoneziýanyň ÝUNESKO işleri boýunça milli toparlary, şeýle hem Koreýanyň miras gullugy bilelikde guradylar.
Maslahatyň açylyş dabarasyna Indoneziýanyň medeniýet ministriniň orunbasary Giring Ganeşa we ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa–Ýuwaş umman sebiti boýunça komitetiniň başlygy Kwibe Kim gatnaşdylar.
Bu gezekki okuw maslahatynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň taryhyndaky iň giň gerimli çäre bolmagyna garaşylýar. Oňa Bangladeş, Bruneý, Kamboja, Fiji, Indoneziýa, Laos, Mýanma, Palau, Filippinler, Şri-Lanka, Timor-Leste, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Tuwalu ýaly Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Resminamalaýyn mirasy gorap saklamak ugrunda işleýän öňdebaryjy halkara bilermenler hem maslahata gatnaşmak üçin Jakarta geldiler.
Okuw maslahatynyň gün tertibine resminamalaýyn miras nusgalaryny halkara sanawyna hödürlemegiň usullaryny öwretmek, ýygyndylaryň fiziki ýagdaýyna baha bermek, töwekgelçilikleri dolandyrmak, materiallary uzak möhletleýin sanly görnüşde gorap saklamaga taýýarlamak we beýleki amaly meseleler girizildi.
Türkmenistana bu halkara okuw maslahatynda Türkmenistanyň ÝUNESKO işleri boýunça milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow wekilçilik edýärler.
ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň okuw maslahaty 18-nji oktýabra çenli dowam eder.
