SPORT

AFK Çempionlar ligasy-2: «Al-Jazira» (BAE) 2:1 «Arkadag» (TKM)

Mohammed bin Zaýed stadionynda geçirilen AFK Çempionlar ligasy 2-niň 2026/27 möwsüminiň B toparçasyndaky duşuşykda «Al-Jazira» topary çekeleşikli geçen oýnuň soňky pursatlarynda «Arkadag» futbol klubuny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

BAE-niň wekili dört utuk bilen B toparçanyň ýaryş tertibinde birinji orna çykdy. Türkmenistanyň «Arkadag» topary bolsa üç utuk bilen 2-nji orna geçdi.

Duşuşygyň 55-nji minutda «Al-Jazira» ahyry hasaby açmagy başardy. Malkom 11 metrlik jerime urgusyndan ynamly peýdalanyp, topy derwezä girizdi.

Geçirilen goldan soň AFK-nyň 2024/25 möwsümindäki Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» hüjümlerini güýçlendirdi.

«Arkadagyň» hüjümleri 66-njy minutda öz miwesini berdi. Arzuwguly Sapargulyýew çep ganatdan öňe süýşüp, jerime meýdançasyna takyk pas geçirdi. Abdy Bäşimow bolsa kelle urgusy bilen topy derwezeban Ersin Destanoglunyň goragyndan geçirip, hasaby deňledi — 1:1.

Oýnuň esasy wagtyna goşulan bäşinji minutda ýer eýeleri ýeňiş goluny geçirmegi başardylar.

Related posts

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Ronaldinýo 46 ýaşynda uly futbola dolandy

Ata Watan Eserleri

Messi karýerasynda 49-njy kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri