DÜNÝÄ

Türkmen-saud gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Abdul Rahman bin Ibrahim Al-Rassi bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan gatnaşyklary berkitmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi «Euronews» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär