DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen BAE medeniýet we metbugat ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed al-Hameli Türkmenistanyň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar medeniýet we media ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini, tejribe alyşmagy hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar medeni gatnaşyklary berkitmegiň we metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi üçin maglumat we tejribe alyşmagyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Related posts

GDA-nyň Ykdysady Geňeşinde 12 resminama tassyklandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Binali Ýyldyrymy kabul etdi

Merkezi Aziýa-ÝB daşary işler ministrleriniň duşuşygy