MEDENIÝET

Balkan welaýatynda 22-nji iýunda Medeniýet hepdeligine badalga berler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 12-nji iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýetimizi ösdürmäge uly üns berilýändigini, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp köp sanly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi