JEMGYÝET

Türkmenistanda birnäçe kodekslere we kanunlara üýtgetmeler giriziler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 12-nji iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Kazyýet hakynda», «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleriniň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşandyklary habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy

Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty üçin meýletinçiler taýýarlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy