JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek geçirilýän «Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Oňa  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça ulag we logistika, gämi gurluşygy we raýat awiasiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnamalar, haryt biržalary we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi.

 

Resmi duşuşyklardan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Bu dabaranyň çäklerinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe “Tawus” atly ahalteke bedewini sowgat etdi.

Bilşiňiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana amala aşyran saparynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan Milli Liderimize “Dostluk” atly garabag aty sowgat edilipdi.

Ýene-de okaň

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi