DÜNÝÄ

Donald Tramp 80 ýaşady

14-nji iýunda milliarder, teleradio alyp baryjy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 80 ýaşyny doldurýar. Ol Amerikanyň 45-nji hem-de 47-nji Prezidentidir. 

Donald Jon Tramp 1946-njy ýylyň 14-nji iýunynda Nýu-Ýorkda, gurluşyk kompaniýasynyň eýesi Frederik Trampyň maşgalasynda dünýä indi. Maşgala köp çagaly bolup, häzirki prezidentiň iki erkek dogany we iki gyz dogany bardy.

Orta mekdebi tamamlap, Pensilwaniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Wharton maliýe mekdebinde biznes ugrundan bilim aldy we ony 1968-nji ýylda ykdysadyýet boýunça bakalawr derejesi bilen tamamlady.

1970-nji ýyllaryň başyndan bäri Tramp häzirki zaman Manhetteniň gurluşyk işlerine işjeň gatnaşdy. Iri gurluşyk kompaniýasyna ýolbaşçylyk edip, ol onuň adyny “Trump Organization” diýip üýtgetdi. Bu kompaniýa bütin dünýäde myhmanhanalary, dyna alyş we oýun merkezleri, şeýle hem golf meýdançalaryny gurýar hem-de olara eýelik edýär.

Milliarder şeýle hem kinolarda (“Öýde ýeke 2”, “Zoolander”) birnäçe gezek gysgaça keşpleri ýerine ýetirdi.

Tramp üç gezek öýlendi. 1977-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli ol Iwana Tramp bilen, 1993-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli bolsa Marla Meýplz bilen nikada boldy. 2005-nji ýyldan bäri ol Melaniýa Tramp bilen ýaşaýar. Syýasatçynyň dürli nikalardan bäş çagasy: iki gyzy we üç ogly bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy