DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky dialoga gatnaşdy

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energitika dialogy geçirildi.

Agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşmagynda geçirildi.

Çäräniň dowamynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynyň çäklerinde energitika babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýangyç-energetika pudagynda uglerod bitaraplygyny, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Dialoga gatnaşyjylar sebitde uglerod bitaraplygyny gazanmak maksady bilen, täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary işläp düzmek, olary goldamak we bu babatda sebit ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Dünýäniň ilaty 8 milliarda golaýlaýar

Yasga gölü – Türkmenistan’ın doğa harikası

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Ata Watan Eserleri