JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rustam Minnihanowa saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Ses berlişigiň netijeleri Tatarystanyň ähli halkynyň Siziň çekýän ýadawsyz zähmetiňize we Size goýýan hormatynyň nyşanydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi we bu möhüm wakanyň Tatarystanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi