SPORT

Messi Amerikanyň çempiony boldy

“Inter Maýami” Demirgazyk Amerika Baş futbol ligasynyň (MLS) final duşuşygynda “Wankuwer Waýtkeps” toparyny ýeňdi. Toparyň düzüminde çykyş edýän Lionel Messi 48-nji kubogyny gazandy we Amerikanyň çempiony boldy.

Duşuşyk Fort-Loderdeýlde (Florida ştaty) geçdi we “Inter Maýami” toparynyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňijiler goragçy Edier Okamponyň öz derwezesine (8-nji minut) urgusy bilen hasaby açdylar, soňra Rodrigo De Paul (71) we Tadeo Alýende (90+6) tapawutlandylar. “Wankuweriň” düzüminde topy Aly Ahmet (60) gol geçirdi.

“Inter Maýami” toparynyň kapitany Lionel Messi duşuşyga esasy düzümde başlady we De Paul bilen Alýende gol paslaryny berdi. Sekiz gezek “Altyn topyň” eýesi dokuz sany netijeli pas bilen pleý-offyň iň gowy assistenti boldy.

“Inter Maýami” öz taryhynda ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy. Klub ligada 2020-nji ýyldan bäri çykyş edýär. “Wankuwer” bolsa ýaryşyň finalynda ilkinji gezek oýnady.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri