BIZNES

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow 6-njy iýulda dünýäniň öňdebaryjy gämi gurluşyk kärhanalarynyň biri bolan Niderlandlaryň “Damen Shipyards” kompaniýasynyň edara binasyna baryp, kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we dürli maksatly döwrebap gämileriň önümçilik toplumy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen “Damen” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Has takygy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde bilelikde gämi gurmak meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar deňiz düýbüni çuňlaşdyrmak (denking) işleri ulgamynda öňden bäri dowam edýän üstünlikli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.

Ilçi Sapar Pälwanow Türkmenistanyň deňiz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we logistika gatnaşyklaryny berkitmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şol sebäpli dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we tehnologiýalaryny çekmekde Gollandiyanyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga strategik ugur hökmünde garalýar. Duşuşykda türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýän golland işewürleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik forumyny guramak baradaky başlangyç hem öňe sürüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi