DÜNÝÄ

Türkmen-azerbaýjan gümrük hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary Natig Şirinow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Aşgabatda geçýän ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 9-njy mejlisiniň çäklerinde geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana amala aşyrylan döwlet saparyndan soň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygyny bellediler. Amaly netijeler hökmünde deslapdan maglumat alyşmak we gümrük statistikasy boýunça resminamalaryň gol çekilendigi görkezildi.

Mundan başga-da, “Akylly gümrük” konsepsiýasynyň çäklerinde taraplar sanly ulgamlary utgaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda awtomatlaşdyrylan töwekgelçilikleri seljermek mehanizmleriniň ornaşdyrylmagy we “Bir penjire” ulgamynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, halkara e-TIR taslamasyna goşulmak meselelerine aýratyn üns berildi, bu bolsa ýükleriň resmileşdirilmegini tizleşdirmäge, şol sanda Türkmenbaşy we Baku portlarynda amallary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Duşuşygy jemläp, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy