Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada geçirilýän ýetginjekleriň dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandy.
Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň agyr atletika mekdebi nobatdaky ajaýyp üstünlige eýe boldy.
53 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmen türgen zenan türgenleri ýokary ussatlyk görkezip, umumy hasapda iki medal gazandylar we hormat münberinde öňdäki orunlary eýelediler.
Ýaryşyň baş gahrymany Ogulşat Amanowa boldy. Ol hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Silterläp götermekde 86 kg, itekläp götermekde bolsa 105 kg netije görkezdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 191 kg netije gazanyp, Amanowa diňe bir dünýä çempiony diýen ada mynasyp bolman, eýsem aýry-aýry görnüşlerde hem ähli kiçi altyn medallary gazandy.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň umumy üstünligine Şabnam Kerimbaýewa hem saldamly goşant goşdy. Şol bir agram derejesinde çykyş eden türgen 188 kg (silterläp götermekde 83 kg, itekläp götermekde 105 kg) netije bilen dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Mundan başga-da, ol itekläp götermek boýunça kiçi kümüş medaly gazandy.
Türkmen türgeni Atabek Azamatow hem kümüş medalyň eýesi boldy. 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgen silterläp götermekde 116 kg, itekläp götermekde bolsa 133 kg netije görkezip, iki görnüşiň jemi boýunça 249 kg gazandy. Şeýle hem Azamatow silterläp götermek görnüşinde ýeňiji bolup, kiçi altyn medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde Meksikanyň wekili Wiktor Mendes 250 kg netije bilen ýeňiji boldy. Ol türkmen türgeninden bary-ýogy bir kilogram artyk netije görkezip, umumy hasapda birinji orny eýeledi.
Kolumbiýada geçirilýän ýaş zehinleriň dünýä çempionaty 11-nji iýula çenli dowam eder.
