DÜNÝÄ

Trampyň Türkiýä ilkinji resmi sapary

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan NATO-nyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 36-njy sammitiniň öňüsyrasynda Türkiýä resmi sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Prezidenti Donald Trampy Ankara howa menzilinde garşylady.

Türkiýäniň Prezidentiniň köşgüne Türkiýäniň we ABŞ-nyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Şol gepleşiklerde syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň we ABŞ-nyň liderleri ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini 100 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Beştepedäki ikitaraplaýyn duşuşykdan soň Donald Tramp NATO agza ýurtlarynyň liderlerine resmi agşamlyk naharynda goşular. Bu çäre bileleşigiň sammitine badalga berer.

Trampyň bu sapary 17 ýyldan soňra ABŞ-nyň Türkiýä prezident derejesindäki sapary bolmak bilen, uly ähmiýete eýe boldy.

ABŞ-nyň Prezidentleriniň arasynda Türkiýä resmi sapary bilen gelen iň soňky Prezident 2009-njy ýylda Barak Obama bolupdy. Şondan soňra 2015-nji ýylda Barak Obama G20 sammitine gatnaşmak üçin Antalýa gelipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy