DÜNÝÄ

Rumyniýada türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan sergi açyldy

2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Bukarest şäheriniň  Dimitriý Gustiniň adyndaky Milli oba muzeýinde “Miras arkaly sazlaşyk: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyly” atly medeni serginiň dabaraly açylyşy boldy. Çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Dabarada Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň wekilleri, akademiki we medeni jemgyýetçiligiň agzalary, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Myhmanlara muzeýiň direktory hanym Paula Popou, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň döwlet sekretary hanym Diana Băciuna çykyş etdiler.

Çykyşlarda iki ýurdyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenilip geçildi we rumyn jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň baý taryhy mirasy bilen tanyşmagyna döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirildi.

Ilçi Annaýew özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilendigini we Konstitusiýasy arkaly berkidilendigini nygtap, onuň ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy sütünleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de Ilçi Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde goşandyny, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny, şeýle hem ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizilendigini belledi.

Ilçi Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky medeniýet, bilim, energetika we ulag ýaly ugurlarda dowam edýän hyzmatdaşlygyny belläp, bu serginiň iki halky birleşdirýän medeni diplomatiýanyň nobatdaky köprüsidigini aýtdy we myhmansöýerlik üçin rumyn tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Sergi 30 günläp dowam eder – bu Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyny nygtamak üçin simwoliki many berýär. Serginiň çäklerinde medeni çykyşlar, ussatlyk sapaklary we mowzuklaýyn tanyşdyryş  geçirildi.

Ýene-de okaň

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary täzelendi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanda täze ministrler wezipä bellendi

Döwran Saburow “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy başlygy wezipesine bellendi

Gazagystan Owganystanda demirýol gurluşygyna goşular