DÜNÝÄ

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyna mähirli gutlaglaryny beýan edip, ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýan ýurduň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly dialogyň ösüş derejesine ýokary baha bermek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki komitetiň formatyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna aýratyn orun berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy