Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýat atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň ýetginjek we uly ýaşly çapyksuwarlarynyň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Nobatdaky at çapyşyklary adatdakylardan tapawutly boldy, oňa diňe bir Murgap jülgesinden däl, eýsem, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan atşynaslar, seýisler, çapyksuwarlar gatnaşdylar.
At çapyşygy jemi ýedi çapuwdan ybarat boldy. Birinji çapuwda ýetginjek çapyksuwarlar üçýaşar atlary bilen bir müň metr aralyga ýaryşdylar. Ikinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda, ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Bu ýaryşa on at gatnaşdyryldy. Üçünji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirildi. Dördünji çapyşyga dört we ulyýaşar bedewleriň onusy goşulyp, olar 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bäşinji çapyşyga gatnaşdyrylan dört we uluýaşar atlar hem 1400 metr aralyga çapdylar.
Altynjy çapyşyk has-da täsirli boldy. Oňa goşulan dört we uluýaşar atlar 1400 metr aralyga goýberildi. Bu ýaryşa goşulanlar hormatly Prezidentimiziň pul baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler.
Ýedinji çapyşyk geçirilen bu ýaryşyň seresi boldy. Oňa halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Ýaryş başlanmazyndan öň, halypalaryň arasynda kimiň haýsy aty çapmalydygy bije atylyp kesgitlendi. Ata-baba gelýän atşynaslyk däbine görä, hormatly ýaşuly ýaglygyny bulap, çapyşyga badalga berdi. Ýaryşa goşulan atlar 1000 metr aralyga çapdylar. Çekeleşikli geçen bu ýaryşda halypa çapyksuwar Gaýgysyz Handurdyýewiň bijesinden çykan Döwletli diýen at beýleki bedewlere per bermän, ilkinji bolup pellehanadan geçmegi başardy we hormatly Prezidentimiziň adyndan goýlan baş baýraga — «Toyota» kysymly awtoulaga mynasyp boldy.
Şeýlelikde, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolan çapyksuwar M.Guwanjowa kompýuter, ussat çapyksuwarlaryň arasynda ýeňiş gazanan B.Agamyradowa hormatly Prezidentimiziň 50 müň manat pul baýragy, halypa çapyksuwarlaryň arasynda ýeňiji bolan Gaýgysyz Handurdyýewe bolsa hormatly Prezidentimiziň adyndan goýlan baş baýrak — «Toyota» kysymly awtoulag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.