DÜNÝÄ

GDA-nyň synçylar topary Türkmenistandaky saýlawlara gatnaşar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşar. Synçy toparyna GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

– Türkmenistanda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary üçin bu ýurda gitjek GDA-nyň synçylar toparyna guramanyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder. Onuň dalaşgärligi Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleri hemişlik wekilleriniň Geňeşi tarapyndan tassyklandy – diýlip metbugat beýanatynda bellenilýär.

Metbugat beýanatynda bellenilip geçilişine görä, GDA-nyň synçylar topary ozalky saýlaw möwsümlerindäki ýaly öz işlerini alyp bararlar. Synçylar topary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çagyrmagy boýunça Türkmenistanda bolarlar.

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary 26-njy martda geçiriler.

Related posts

Türkmenistan bilen Italiýa ulag ulgamynda ylalaşyklar baglaşdy

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Kataryň Şura Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

Leave a Comment