DÜNÝÄ

Modi Trampy Hindistana çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda bolup, ýurduň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy.

Hindistanyň ýolbaşçysy Amerikanyň Prezidentini Hindistan sapar bilen çagyrdy. Ol bu barada metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Modi Hindistanyň halkynyň Trampyň 2020-nji ýylda amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

– 1,4 milliarda barabar bolan Hindistanyň halkynyň adyndan Sizi öz ýurdumyza çagyrýaryn – diýip, Modi belledi.

Waşington bilen Täze Deli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça, hususan-da ykdysadyýet we tehnologiýa ugurlarynda ösdürmek boýunça ylalaşdylar. Bu barada Donald Tramp metbugat ýygnagynda belledi.

Hindistanyň Premýer-ministri bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda çarçuwaly ylalaşyklaryň gazanylandygyny bellän Tramp ABŞ bilen Hindistanyň emeli aň we täze tehnologiýalar ugurlarynda hem güýçlerini birleşdirjekdigini aýtdy.

Şeýle hem Tramp Hindistan bilen tebigy gaz we nebit hyzmatdaşlygy boýunça özara ylalaşyk gazanylyp, munuň netijesinde ABŞ-nyň täzeden energetika babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurduna öwrülmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Ýene-de okaň

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy