DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi  A.Baýramow Tokioda Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan “Çagalar üçin owadan älem we sazlaşyk ruhy” atly çagalar festiwalyna gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda «Fujisan Çidama» atly çagalar jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Masao Watanabe parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan we şu ýylyň 29-njy martynda bellenilýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy bilen gaznanyň ýolbaşçylaryny gutlady. Ýapon tarapy 2026-njy ýylyň 13-nji martynda bu haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goňşy Eýran Yslam Respublikasyndaky çagalara ynsanperwer kömeginiň iberilendigi üçin gaznanyň işine ýokary baha berdi.

Türkmen-ýapon ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin Ilçi “Fujisan Çidama” jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçylaryny we ýapon çagalaryny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri bilen göni tanyşmak maksady bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

“Fujisan Çidama” çagalar jemgyýetçilik guramasy Ýaponiýada girdeji gazanmaýan gurama bolup (NPO), çagalaryň üsti bilen parahatçylygy we parahatsöýüjiligi ündeýän, daşky gurşawy we ýapon medeniýetini gorap saklaýan, şol sanda däp bolan ýapon medeniýetini – tüwi meýdanlaryny ösdürip ýetişdirmek we parahatçylyk baradaky habarlary origami durnalary arkaly ýetirýän medeni diplomatiýa bilen meşgullanýan gurama bolup durýar.

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi