DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Ilçi Batyr Rejepow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky “Merkezi kommunikasiýalar gullugy” döwlet edaranyň müdiri Askar Kuanyşewiç Umarow bilen duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, maglumat ulgamlarynyň ösüşi, maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň tehniki hyzmaty we goldawy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Gazagystanyň Merkezi kommunikasiýalar gullugynyň, döwlet bilen jemgyýetiň arasynda aragatnaşygy üpjün edýän Türkmenistanyň degişli düzüm birlikleriniň arasynda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösüşi şertlerinde hünär işindäki üýtgeýän çemeleşmeler hem garaldy, şeýle-de ýokary hünär standartlaryny berjaý etmegiň zerurlygy bellenildi.

Related posts

Geýdar Aliýewiň hormatyna bag ekmek dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Ýanwar-noýabr aýlary: daşary syýasatda edilen işler

Ata Watan Eserleri