DÜNÝÄ

Ermenistanyň hususy pudagyna Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygynyň orunbasary Nerses Karamanukýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri, Türkmenistanyň we Ermenistanyň telekeçileriniň, işewür adamlarynyň arasynda gatnaşygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Taraplar iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösýändigini bellediler.

Soňra ilçi söhbetdeşlerine täze gurlan häzirki zaman Arkadag şäheri barada gürrüň berdi. Ol  Türkmenistanyň 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilatyň ýaşaýyş derejesini has hem ýokarlandyrmak we sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek maksady bilen, Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň, desgalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda ol şeýle-de ýokarda agzalan kärhanalaryň gurluşygy üçin potratçylary saýlamak maksady bilen, halkara bäsleşikleriň yglan edilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy