DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçisi Ý.Serýaýew bilen Beýik Britaniýanyň Ýewropa işleri boýunça ministri Leo Dokertiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky parlamentara, söwda-ykdysady, bilim, ynsanperwer we beýleki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça maslahatlaşyldy.

Şeýle-de duşuşykda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dürli ugurlarda uzakmöhletleýin gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Related posts

18-nji fewral – Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

Dünýäde ilkinji gazet  haçan döräpdir?

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

Leave a Comment