DÜNÝÄ

“Taliban”: Türkmenistanyň ilçihanasy howp astynda däl

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada habarlary ýalana çykarypdy.

Şonuň yzysüre jemgyýetçilik torlarynda “Taliban” hereketiniň wekili Zabiulla Mudjahid hem Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasynyň golaýynda adamlaryň saklanandygy baradaky habaryň ýalan maglumatdygyny belledi.

Mudjahidiň bu baradaky beýanatynda şeýle diýilýär:

– 26-njy awgustda iki sany pakistanlynyň Türkmenistanyň ilçihanasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar bilen saklanandygy we olaryň ilçihana howp salmak isleýändigi baradaky habarlar hakykata laýyk gelmeýär. Şeýle waka ýüze çykmady, Türkmenistanyň ilçihanasy hiç hili howp astynda däl.

 

 

Howaýy maglumatlar barada

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy

Türkiye’de oy kullanma başlıyor: Seçime çağrı

vepa

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary

Ata Watan Eserleri