DÜNÝÄ

Prezident Ärdogan Kazandaky BRIKS sammitine çagyryldy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçiriljek BRIKS guramasynyň baştutanlarynyň sammitine çagyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.

– Tükr tarapyna çakylyk berildi. Prezident Ärdogan çakylygy kabul etdi – diýip, Uşakow belläp geçdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow öz gezeginde Wladimir Putiniň Tükriýä saparynyň wagtynyň entek kesgitlenmändigini belläp, bu babatda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

BRIKS sammiti 22-24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçiriler.

Related posts

Türkmen elektriği Güney Asya’ya taşınacak

vepa

Türkiýe-Gazagystan: 20 resminama gol çekildi

ABŞ-nyň Prezidenti Ýaponiýada saparda

Ata Watan Eserleri