DÜNÝÄ

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Halkara Deňiz Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ulgamyna girýän edaralar, şol sanda Halkara Deňiz Guramasy (HDG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustyndan bäri bu düzümiň agzasy bolup, onuň bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda işjeň ösdürilýär. Ýurdumyz guramanyň 14 konwensiýasyna goşuldy we olaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygymyzy, amaly taýdan ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri beýan etdi.

  • Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak işini yzygiderli ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek teklip edilýär.
  • Ýurdumyzyň gämi ulagy we gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygynyň halkara hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň bu guramanyň Halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça işleri geçirmek bu toparyň ilkinji wezipeleriniň biri bolar.
  • Şeýle-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2026-njy ýylyň dowamynda HDG-niň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlaryny guramak, onuň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli okuw hem-de amaly maslahatlary geçirmek teklip edilýär.

Şular bilen birlikde, ýurdumyzyň agzalan düzüm bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen baglanyşykly teklip beýan edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady