SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagy işjeňleşdirýärler we ýangyç guýmak üçin ýurduň howa menzillerini has ýygy ulanýarlar. Bu barada “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Howa hereketini dolandyrmagyň birleşdirilen ulgamynyň Baş merkeziniň raýat bölüminiň uly dispetçeri Hajymämmet Nyýazgeldiýew “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetindäki makalasynda habar berdi.

“Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň üstaşyr gatnawlar we uçarlara ýangyç guýmak üçin ýurdumyzyň howa giňişligine we howa menzillerine bolan gyzyklanmasy ep-esli artdy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalary Ýewropa we Aziýanyň arasynda iň döwrebap nawigasiýa enjamlary bilen üpjün edilen gysga ugurlary saýlap alýarlar” diýip, Nyýazgeldiýew belledi.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, ýurduň howa menzilleri Fransiýanyň “Thales” kompaniýasynyň innowasion radiolokasiýa we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Häzirki wagtda howa hereketini dolandyryş gullugy dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýasyna hyzmat edýär. 2016-njy ýylda açylan Aşgabat halkara howa menzili sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr.

Related posts

Türkmenistan Gruziýadaky Bütindünýä syýahatçylyk forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen syýahatçylygyna bagyşlanan halkara maslahat

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri