SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa hem-de Aşgabat-Kazan uçar gatnawlary täzeden başlaýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar Aşgabat – Moskwa – Aşgabat hem-de Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlary belli wagt aralygynda ýatyrylypdy. Şol gatnawlar 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan gaýtadan dikeldilýär. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu barada hususan-da şeýle diýilýär:

HORMATLY ÝOLAGÇYLAR!

2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdalar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlarynyň dikeldilýändigi we awiabiletleri awiakassalarynda satyn alyp boljakdygy barada Size habar berýäris.

Related posts

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär

Fransiýa hem örtükleri ýatyrýar

Ata Watan Eserleri

Oýnawaç saýlananda ene-ata nämä üns bermeli?