DÜNÝÄ

Tramp Saud Arabystanyda, Katarda we BAE-de saparda bolar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 13-16-njy maý aralygynda Saud Arabystanyda, Katarda we Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolar. Bu barada Ak Tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitt metbugat brifinginde belläp geçdi.

Metbugat sekretary Donald Trampyň Ýakyn Gündogar döwletlerine saparynyň senelerini tassyklady. Onuň bellemegine görä, Tramp bu 3 döwletde saparda bolar, ýöne saparyň maksatnamasy barada maglumat bermedi.

Ozal hem Donald Trampyň özi maý aýynda Saud Arabystanyda saparda boljakdygyny mälim edipdi.

Munuň Trampyň ilkinji daşary ýurt dapary boljakdygy hem bellenilipdi.

Related posts

Türkmenistan ŞHG-niň duşuşygyna gatnaşar

Ermenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hyzmatdaşlygyny berkidýär