DÜNÝÄ

“Super Mario” rekord bahadan satyldy

“Super Mario” oýnunyň bir nusgasy 1985-nji ýylda Nintendo güýmenje ulgamy (NES) platformasynda çykyş edip, öz rekordyny täzeledi.

BBC-niň habar bermegine görä, şu ýyl çykan we gutusy açylmadyk oýun 114 müň dollara satyldy, diýlip habar berilýär. Şol bir habara görä, oýun şu wagta çenli satylan iň gymmat “Super Mario Bros.” Oýny boldy.

Meşhur Nintendo oýnunyň başga bir nusgasy 2019-njy ýylda auksionda 100 müň dollara satylypdy. Öň “Donkey Kongda” we “Mario Brosda” peýda bolan italýan agaç ussasy Mario sanly dünýäde iň söýgüli oýun gahrymanlaryndan biri boldy.

Marionyň 1981-nji ýylda “Donkey Konga” peýda bolan ilkinji ady “Jumpman” we Nintendo oýuny ABŞ-da goýbermäge taýynlananda, ýurduň ýolbaşçy düzüminiň teklibi bilen gahrymanyň adyny Mario diýip üýtgetdi. Ýaponiýada “Famicom” we dünýäde öňdebaryjy “Nintendo” markasy bilen bilelikde çykarylan bu oýun, gysga wagtyň içinde ýokary satuw gazandy we ähli döwürde iň köp satylan oýunlaryň hataryna girdi.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy