DÜNÝÄ

Owganystana goňşy ýurtlaryň ministrler duşuşygy

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygy we “Owganystanyň goňşy ýurtlary + Owganystan” dialogy Hytaý Halk Respublikasynyň Tunsi şäherine geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşan mejlisine Russiýanyň, hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ministrleri gatnaşýar. “Tunsi başlangyjy” atly bilelikdäki beýannamanyň kabul edilen duşuşygyna Indoneziýanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary myhman hökmünde gatnaşdy.

Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen geçirilen bu mejlisiň işine Owganystanyň daşary işler ministriniň w.w.ý.ýetirijisi Amir Mottaki hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti bu duşuşygyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

 

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Related posts

Türkmen-tatar parlamentara gatnaşyklara berkeýär

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

UNCTAD we IRU wekilleri bilen maslahat