DÜNÝÄ

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul ş.) Owezgeldi Jumanazarow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Türki Döwletleri Guramasynyň Sekretariatynyň binasynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli gepleşikleriň we özara gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Related posts

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Daşkent halkara migrasiýa forumyna gatnaşdy

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli ýagyş taslamasyny ilkinji bolup başlatdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy