DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammitini geçirmek meýilleşdirilýär

Geljek ýyl Merkezi Aziýa-Ýaponiýa görnüşinde ýokary derejedäki sammiti geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işleri ministrligi habar berýär.

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýeko Kamikawy we Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Murat Nurtleý BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde özara duşuşyk geçirip, Merkezi Aziýa-Ýaponiýa görnüşinde ýokary derejedäki sammiti geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşdylar.

– Her iki tarap geljek ýyl amatly wagtda Merkezi Aziýa-Ýaponiýa dialogynyň sammitini geçirmek babatda ylalaşdy. Bu dialoga başlyklyk edýän Gazagystan bilen Ýaponiýa degişli ýurtlar bilen bu sammiti geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk ederler – diýlip, daşary syýasat edarasynyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Ýaponiýa soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri – Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. 2022-nji ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde Merkezi Aziýanyň maýa goýum forumy geçirildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida geljek ýylda Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynlary bilen ýokary derejede duşuşyk geçirmek üçin öz ýurduň ýolbaşçylaryna degişli tabşyrykylary bermegi göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogy hereket edip, onuň çäklerinde ministrler derejesinde yzygiderli duşuşyklar geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Hytaýda “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşinde ýokary derejedäki sammit geçirildi. Golaýda, Nýu-Ýork şäherinde “Merkezi Aziýa-ABŞ” görnüşinde ilkinji ýokary derejedäki duşuşyk guraldy.

Related posts

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Bişkekde Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Özbegistanyň we ABŞ-nyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi