JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapar amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Tähran ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Eýranda goňşy Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrmaga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilýän myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki derejesine uly kanagatlanma bildirdi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, ýakyn goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.

 

 

Related posts

Aşgabat – Kazan – Aşgabat uçar gatnawlary wagtlaýynça ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Video-Konferans toplantı: TAPİ projesindeki güncel durum ele alındı

vepa

Türkmenistan Dışişlerinde görüşmeler

vepa